Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB geçiş ylalaşygyny hödürleýär


Ýewropa Bileleşigi, Ukraina we Orsýet, öňümizdäki gyşda Ukrainda we ÝB ýurtlarynda energiýa ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin, tebigy gaz akdyrmak boýunça wagtlaýyn ylalaşyga geldiler.

ÝB-niň energiýa komissary Guenther Oettinger Berlinde üç tarapyň gatnaşmagynda bolan duşuşykdan soň çykyp gürläp, Ukraina Orsýete oktýabryň aýagyna çenli 2 milliard dollar tölemeli, ýylyň aýagyna çenli bolsa, tölenmedik bergileriň hasabyndan 1.1 milliard dollar tölemeli diýdi.

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak we Ukrainanyň energiýa we kömür senagaty ministri Ýuriý Prodan bilen gepleşik geçiren Oettinger ÝB munuň gelýän gyş we ýaza çenli gaz akymyny üpjün etjek kabul ederlik wagtlaýyn çözgütdigine ynanýar diýdi.

Ol ukrain we rus resmileriniň teklip edilýän ylalaşygy öz hökümetleri bilen ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Prodan entek bu ýerde Orsýet bilen gazyň bahasy barada ylalaşyk baglaşylmandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG