Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmen ýaşlaryny goldaýanlar ýok"


Ýokary bilimini Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky Mugallymçylyk institutynda tamamlan owganystanly türkmen we owgan ýaşlary.
Ýokary bilimini Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky Mugallymçylyk institutynda tamamlan owganystanly türkmen we owgan ýaşlary.

Türkmenistan ençeme ýyldan bäri öz ýokary okuw jaýlaryna daşary ýurtlardan, şol sanda Owganystandan okuwçy alýar. Maglumatlara görä, 2005-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna (ÝOJ-laryna) Owganystandan her ýyl 30 çemesi ýaşlar okuwa alynýar.

Emma şol ýaşlaryň arasynda etnik türkmenleriň azdygy aýdylýar. Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenler Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okamak üçin okuwa ugradylýan ýaşlaryň aglabasyny beýleki milletler emele getirýär diýýärler.

Eýsem, munuň nähili sebäpleri bolup biler? Bu barada Owganystanda ýaşaýan etniki türkmen ýaşlary näme pikirde? Şeýle-de, Türkmenistanda okuwyny gutaryp gelen owganystanly ýaşlar Türkmenistanyň bilim sistemasy barada näme pikirde?

Bu soraglara ýokary bilimini Türkmenistanyň Mary welaýatyndaky Energetika institutynda we Lebap welaýatyndaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Mugallymçylyk instututynda tamamlap gaýdan owganystanly türkmen ýaşlary Sahyý, Ýakub we Akbar jogap berýär. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

Täze Tolkun: "Türkmen ýaşlaryny goldaýanlar ýok"
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG