Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin maýa goýujylary köşeşdirýär


Orsýetiň prezidenti W.Putin, Moskwa, 2-nji oktýabr, 2014.
Orsýetiň prezidenti W.Putin, Moskwa, 2-nji oktýabr, 2014.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin potensial maýa goýujylara Günbataryň “esassyz” sanksiýalarynyň ýurduň ykdysadyýetini ösüşden saklap bilmejegini aýtdy.

Putin 2-nji oktýabrda Moskwada geçirilýän “Orsýet çagyrýar” atly ýyllyk inwestision forumda eden çykyşynda Orsýetde açyk bazar ykdysadyýetini ösdürmek ugrunyň üýtgemejegini mälim edip, “biz Orsýetiň açyk we bazar ykdysadyýetli ýurt bolmagyna ymtylýarys” diýdi.

Putin “Orsýetiň strategik ugry üýtgemän galar” diýdi we öz administrasiýasynyň Orsýetiň “güýçli, gülläp ösýän, azat we dünýä üçin açyk ýurt bolmagyny” isleýändigini belledi.

Özara sanksiýalar

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Orsýetiň Ukrainadaky ýaragly krisizde roly bilen baglylykda Moskwa garşy ykdysady sanksiýalaryň birnäçe tapgyryny girizdiler.

Moskwa muňa jogap hökmünde Ýewropa Bileleşiginden we ABŞ-dan import edilýän harytlara gadagançylyk girizdi.

Sanksiýalar we Moskwanyň orsýetli tütjar Wladimir Ýewtuşenkowy yzarlamagy maýa goýujylaryň Orsýete bolan ynamyny gowşatdy.

Putin 2-nji oktýabrda orsýetli we daşary ýurtly potensial maýa goýujylara ýüzlenip,"biziň maksadymyz senagat taýdan böwsüşi gazanmakdan ybarat, gaýtadan işleýji pudakda güýçli milli kompaniýalary döretmek we olaryň bäsdeşlige ukyply önüm öndürmegini gazanmak” diýdi.

Milli pula geçmek

Putin gündogarly biznes partnýorlary bilen gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Ol şeýle-de Orsýetiň Hytaý we beýleki hyzmatdaşlar bilen özara söwdada milli pula geçip, amerikan dollaryna esaslanýan söwdadan daşlaşmaga isleg bildirdi.

Putin “Milli walýutalary ulanmaklyga biz töwekgelçilikleri azaltmak üçin çynlakaý gural hökmünde garaýarys” diýdi.

Şol bir wagtda-da Putin Moskwanyň halkara kapitalynyň we pul hereketiniň çäklendirilmegini göz öňünde tutmaýandygyny, şeýle-de sanksiýalaryň netijesinde zyýan çeken pudaklara we kompaniýalara goldaw bermäge taýýarlanýandygyny habar berdi.

Putin döwletiň Orsýetiň energiýa kompaniýalaryny hususylaşdyrmak planlaryny amala aşyrjagyny hem aýtdy.

“Partlaýjy” ýagdaý

Putin Günbataryň azyk önümlerine girizilen sanksiýalar bilen baglylykda soňky döwürde emele gelen inflýasiýanyň, ýagny milli puluň hümmetiniň gaçmagynyň wagtlaýyn ýagdaýdygyny belläp, onuň Merkezi bankyň syýasaty bilen baglydygyny aýtdy.

Putiniň optimistik çykyşyna garamazdan, Orsýetiň ykdysadyýet ministri Alekseý Ulukaýew ýurduň häzirki 8% çemesi inflýasiýa derejesiniň 1% töweregindäki umumy içerki önümçilik derejesi bilen bilelikde “partlaýjy” bir ýagdaýy emele getirýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG