Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hoň-Koň lideri ultimatum berýär


Hoň-Koňuň ýolbaşçysy demokratiýaçy protestçileri hökümetiň we raýatlaryň kadaly işine we durmuşyna ýol bermäge çagyrdy.

Leaň Çan-ýiň 4-nji oktýabrdaky telewizion ýüzlenmesinde polisiýanyň 6-njy oktýabrda hökümet edaralarynyň we mekdepleriň gaýtadan açylmagy üçin zerur çäreleri görjegini aýtdy.

4-nji oktýabrda Hoň-Koňda protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy we polisiýa işgärleri käbir protestçileri dürre bilen urdular.

3-nji oktýabrda demokratiýaçy protestçiler, aýdylmagyna görä, ýerasty triadalar we hökümetçi güýçler tarapyndan guralan mähelle hüjümine sezewar bolanyndan soň, 10 müňe çenli adam toplandy.

Hoň-Koň polisiýasy bu hüjümde güman edilýän triada jenaýat toparlarynyň 19 agzasyny tussag edendigini aýtdy.

Protest liderleri bu hüjümden soň Hoň-Koň hökümeti bilen planlaşdyrylan gepleşikleri goýbolsun etdiler.

Olar Hoň-Koňda saýlawlara girizilen çäklendirmelere gaýtadan seredilmegini talap edýärler.

XS
SM
MD
LG