Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braziliýalylar prezident saýlaýar


Briziliýada 5-nji oktýabrda prezident saýlawlary geçirilýär.

Bu saýlawda 142 milliondan gowrak adamyň ses bermegine garaşylýar.

Prezident Dilma Roussef dört ýyllyk birinji möhletinden soň ikinji möhlete prezident bolmaga çalyşýar.

Onuň esasy garşydaşlary tebigaty goramak ministri Marina Silwa we merkez-sagçy kandidat, Minas Gerais ştatynyň gubernatory Aýecio Newes.

Pikir soraşlyklary Roussefiň Newesden we Silwadan esli öňde barýandygyny görkezýär.

Emma ol ikinji tapgyrdan gutulmak üçin sesleriň aglaba köplügini alyp bilmez öýdülýär.

XS
SM
MD
LG