Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza donorlary Kairde duşuşýar


Ýokary derejeli gaza donorlary 12-nji oktýabrda Kairde duşuşýarlar. Olar Hamaz bilen Ysraýylyň arasynda golaýda bolan konfliktden soň, Gazany dikeltmäge gönükdirilen milliardlap dollary toplajak konferensiýa gatnaşmaga geldiler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri we onuň 30 kärdeşi BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-muna goşuldylar. Ol Gazany gaýtadan gurmak üçin 1.6 milliard dollar kömek toplamaga çalyşýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Gazany dikeltmäge kömek üçin 212 million dollar kömek etmegi wada berdi.

Kairde çykyp gürlän Kerri Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini hem dikeltmäge çagyrdy.

Palestin hökümeti 76 sahypalyk gurluşyk planyny aýan etdi we onuň üçin 4 milliard dollar maliýe serişdesi zerur. Ol serişdeleriň köpüsi iýulda we awgustda bolan konflikt netijesinde jaýlaryny ýitiren 100 müň çemesi adama jaý gurmaga gönükdiriler.

Ysraýyl operasiýasy mahalynda 2200-e golaý palestinaly öldürildi, olaryň köpüsi asuda adamlar. Gaza jeňçileri bolsa ysraýyl tarapdan 73 adamy, esasan esgerleri öldürdiler.

Döwlet departamentiniň resmileri Kerriniň konferensiýanyň gapdalyndan palestin prezidenti Mahmud Abbas bilen hem duşuşandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG