Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Şol köçeden ýene-de geçäýsedim”


Oba köçesi.
Oba köçesi.

Her adamyň öz durmuşynda dürli ýatlamalary bolýar. Olardan birem köçe ýatlamalarydyr. Köçe ýatlamalarynyň dürli görnüşleri bolup bilýär.

Bu babatda şol köçäniň ugrunda geçiren ilkinji söýgi duşuşygy, şol köçede satylýan horaz süýjüsi, kitap dükanlary, belkem şol köçede her gün agşamara gezelenje çykýan adamlaryň üýşmeleňi ýa-da şol köçe bilen baglanyşykly durmuşyňyzda yz galdyran beýleki wakalar hakynda gürrüň etmek mümkin.

Siziň durmuşyňyzda iň ýatdan çykmajak köçe haýsy we näme üçin? Şol köçe siziň durmuşyňyzda nähili yz galdyrdy?

Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimizde bu soraglara häzirki wagt Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly Nesibe we ýokary bilimini Lebap welaýatyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda tamamlap, häzirki wagt Owganystanda ýaşaýan etnik türkmen deň-duşumyz Gudrat jogap berýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Sahra Ghulam Nabiniň geçiren söhbetdeşligini aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

Garaýyşlaryňyza, bellikleriňize aşakdaky teswir bölüminde garaşýarys.

Täze Tolkun: “Şol köçeden ýene-de geçäýsedim”
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG