Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina krizisi: Milandaky gepleşikler “pozitiw” boldy


Italiýanyň premýer-ministri Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň, Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň we ýewropaly liderleriň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerden soň, Ukraina konfliktiniň çözgüdi baradaky perspektiwalar hakda “örän pozitiwdigini” aýtdy. Ýöne ol henize çenli öňe gidişligiň bolmandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Milanda dowam edýän Ýewropa-Aziýa sammitiniň çäginde geçirilen gepleşiklerden soň, Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi: “Umuman, duşuşyklardan soň, men örän pozitiw” diýdi.

Putin hem ýygnagyň “gowy, pozitiw” geçendigini belledi.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kemronyň (David Cameron) sözlerine görä, Russiýanyň bölünen Ukraina ýa-da doňdurylan krizis islemeýandigi barada Putin beýleki liderleri ynandyrypdyr.

XS
SM
MD
LG