Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Kyn" gepleşikden soňky ylalaşmazlyk


Prezidentler Putin bilen Poroşenkodan başga, bu duşuşyga fransuz prezidenti Fransua Olland hem gatnaşdy.
Prezidentler Putin bilen Poroşenkodan başga, bu duşuşyga fransuz prezidenti Fransua Olland hem gatnaşdy.

Italiýanyň premýer-ministri Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň arasynda bolan duşuşyga gatnaşanyndan soň, özüniň Ukrainadaky konfliktiň çözülmek mümkinçiliklerine «hakykatdanam oňyn» garaýandygyny aýtdy.

Emma Kreml bu «kyn» gepleşiklerden soňam düýpli ylalaşmazlyklaryň saklanyp galýandygyny aýtdy we günbatar resmilerini çeýe dällikde aýyplady.

"Umuman alnanda, men bu duşuşykdan soň hakykatdanam pozitiw» diýip, Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi Ýewro-Aziýa sammitiniň ertirlik nahary mahalynda guralan duşuşykdan soň aýtdy.

Bu sammite Ukrainadaky krizis sebäpli birneme kölege düşdi, sebäbi ol ýerde, hökümet bilen orsýetçi separatistleriň arasynda baglaşylan ýaraşyga garamazdan, henizem ganly söweşler dowam edýär.

Prezident Putin hem bu duşuşygyň «gowy, pozitiw» bolandygyny aýtdy.

Prezidentler Putin bilen Poroşenkodan başga, bu duşuşyga german kansleri Angela Merkel, fransuz prezidenti Fransua Olland, Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron, Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi, Ýewropa Bileleşiginiň iş başyndan gidýän liderleri Herman Wan Rompuy we Jose Manuel Barroso dagy hem gatnaşdy.

Emma prezident Putinden tapawutlylykda, onuň sözçüsi Dmitriý Peskow başgarak pikirde.

«Bu gepleşikler hakykatdanam agyr, düşünişmezliklerden, ylalaşmazlyklardan dos-doly, emma muňa garaman dowam edýär we pikir alyşmak ilerleýär» diýip, Peskow žurnalistlere aýtdy.

"Obýektiwlige isleg ýok"

Ol duşuşyga gatnaşanlaryň käbiri «Ukrainadaky krizise obýektiw çemeleşmeklige düýpden islegsizdigini» görkezdi diýdi.

Mälim bolşy ýaly, Orsýet bu krizisde Ýewropa Bileleşigini, ABŞ-ny, fewralda Orsýete dostlukly garaýan prezident Wiktor Ýanukowiç häkimiýetden çetleşdirilenden soň Ukrainada häkimiýet başyna gelen günbatarçy hökümeti günäleýär.

Kiýew, NATO we Günbatar hökümetleri bolsa, Orsýet mart aýynda Ukrainanyň Gara deňiz ýarymadasyny bikanun anneksiýa edeninden soň, pitneçileri goşun, ýarag, propaganda bilen goldady diýýärler.

Gündogar Ukrainadaky krizisde aprel aýyndan bäri 3660-dan gowrak adam öldürildi we Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesi Sowuk uruş döwründäki derejesine çenli aşak gaçdy.

Munuň üstesine, Ýewropa Bileleşigi soňky ýyllarda iň uly söwda partnýory bolan Moskwanyň garşysyna bir topar sanksiýa girizip, Orsýetiň bir topar önümini gadagan etdi.

Ertirlik naharynyň başyndaky gepleşikler Putin bilen Merkeliň arasynda öten agşam bolan uzak, emma netijesiz gutaran gepleşiklerden soň geçirildi.

Günbatar liderleri Orsýetiň ukrain konfliktine gatnaşygyny inkär etmegini ret etdiler we Moskwa 5-nji sentýabrda Minsk şäherinde baglaşylan ýaraşygyň şertleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmelidi diýdiler.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Putiniň ertirlik mahalynda beýleki liderleri ynandyrandygyny, ýagny Orsýetiň Ukrainany iki bölmek ýa-da doňdurylan krizis islemeýändigini aýtdy.

Kremliň tankytçylarynyň pikirine görä, Orsýet ýaraşygy goldady we parahatçylygy planlaşdyrýar, sebäbi 5-nji sentýabrdaky ýaraşyk pitneçileriň üstünlik gazanan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi we olar Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitleriniň uly bölegine kontrolluk edýärler.

Bu bolsa, tankytçylaryň pikirine görä, Moskwa özüniň Fransiýanyň ululygyndaky goňşusyna täsir ýetirmek, ony durnuksyzlaşdyrmak we gelýän ýyllarda NATO-dan daşarda saklamak mümkinçiligini berýär.

XS
SM
MD
LG