Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Moskwa Günbatara boýun egmez'


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwa sanksiýalary aýyrtmak üçin Günbatar bilen söwdalaşmaz diýdi.

Lawrow 19-njy oktýabrda Orsýetiň NTW telewideniýesine beren gürrüňinde şeýle diýdi: «Bize eger Ukrainadaky krizisi çözmäge kömek etseňiz, sanksiýalary goýbolsun etjek. Ine size kriteriýany aýdalyň, bir ädim ätmeli, milisiýanyň Orsýetiň serhedine gözegçilik edilmegine ýol berşini synlamaly we ş.m.ler.» diýildi.

Lawrow: «Biziň jogabymyz ýönekeý, biz hiç bir kriteriýa ýa-da şertlere boýun bolmarys» diýdi.

Ol günbatar döwletlerini Ukrainany Orsýete basyş görkezmek üçin ulanmakda, ýagny Orsýetiň esasy meselelere, özi üçin wajyp zatlara çemeleşmesini üýtgedip, günbataryň çemeleşmesini kabul etmegini gazanjak bolmakda aýyplady.

Ol muny «geçen asyr, geçen eýýam, geçmişiň kolonial pikirlenişi» diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG