Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Erkinlik heniz hem “howp astynda”


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri azatlyga, erkinlige dünýäniň ençeme künjeginde, şol sanda Ýewropada heniz hem “howp abanýandygyny” aýtdy.

22-nji oktýabrda Berlinde Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer (Frank-Walter Steinmeier) bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Kerri Ukrainanyň garaşsyzlygyny goramaga dünýä ýurtlarynyň “näderejede çynlakaý” taýýardygyna Russiýa düşüner diýip umyt edýärin diýdi.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň Krym adasyny anneksiýa etmegine we gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistlere goldaw bermegine gaýtawul hökmünde Moskwa garşy sanksiýalary girizipdi.

Kerriniň bu saparynyň dowamynda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG