Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyz zorlan molla 20 ýyl aldy


Öz metjidinde 10 ýaşly gyzy zorlan owgan mollasy 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Kabul sudy molla Muhammad Aminiň hökümini 25-nji oktýabrda çykardy.

Zorlanan gyz we onuň kakasy bu höküm bilen kanagatlanmady, olar Amin ölüme höküm edilmeli diýýärler.

Emma aýallaryň hukuklaryny goraýan aktiwistler bu karary gutladylar, olar muny Owganystandaky jynsy jenaýatlaryň pidasy bolýan zenanlar üçin ýeňiş atlandyrdylar.

Bu ýurtda zorlanan zenanlar köplenç zynahorlukda günälenip, türmä basylýar.

Demirgazyk Owganystanyň Gunduz welaýatyndaky aýallar gonalgasynyň başlygy Hassina Sarwari bu karary gutlady, zorluk şu welaýatda bolupdy.

8-nji oktýabrda Kabulda bäş erkek toparlaýyn zorluk üçin asylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG