Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak tütjarynyň gaýyny pyçaklandy


Gazagystanyň “KazAtomProm” milli ýadro kompaniýasynyň tussaglykdaky ozalky başlygynyň gaýyn atasy öz ýurdy Gyrgyzystanda pyçaklandy.

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrliginiň resmisiniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 79 ýaşly Raikan Alkanowa Talas şäherinde näbelli adamlar tarapyndan dynç günlerinde hüjüm edilipdir. Oňa 15 sapar pyjak urlupdyr.
Alkanow agyr ýagdaýda keselhanada saklanýar.

Alkanowyň giýewi Gazagystanly tütjar Muhtar Džakişew 2009-njy ýylda tussag edilip, oňa korrupsiýa bilen baglylykda 14 ýyllyk iş kesilipdi. Džakişewiň tarapdarlary onuň syýasy sebäplerden tussag edilendigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG