Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resminama almak bökdençligi: Kim näme pikirde?


Käbir türkmenistanly ýaşlar ýurduň ýokary okuw jaýlaryndan resminama almakda kynçylyklaryň bardygyny aýdýarlar.
Käbir türkmenistanly ýaşlar ýurduň ýokary okuw jaýlaryndan resminama almakda kynçylyklaryň bardygyny aýdýarlar.

Ýokary bilimini daşary ýurtlarda dowam etdirýän türkmenistanly ýaşlaryň käbirleri okuwa girjek bolanda daşary ýurduň ýokary okuw jaýlary tarapyndan talap edilýän resminamany (Türkmenistandaky degişli mekdepde ýa-da ýokary okuw jaýynda okandygy hakyndaky dil haty) almakda dürli kynçylyklaryň bardygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bu ugurda hat üsti bilen edilen ýüzlenmelere jogap bermekden saklanýar, şunlukda degişli dokumenti almak üçin kähalatlarda türkmenistanly ýaşlaryň Türkmenistana gitmäge mejbur bolýandyklary aýdylýar.

Siz hem şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolduňyzmy? Eger şeýle bolsa siz bu ýagdaýdan nähili baş alyp çykdyňyz? Bu siziň durmuşyňyza, okuw maksatnamalaryňyza nähili täsirini ýetirdi? Bu Täze Tolkun adyndaky ýaşlar gepleşigimiziň nobatdaky temasy. Sizi hem gepleşigimize gatnaşmaga çagyrýarys.

Bu baradaky garaýyşlaryňyzy, tejribeleriňizi biziň gepleşigimize gatnaşyp hem paýlaşyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin email adresimiz: metbugat@gmail.com. Öz pikirdir, tejribeleriňizi aşakdaky forumda hem galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG