Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Russiýa Ukraina goşun girizdi


Ukrain harbysynyň metbugat sözçüsiniň berýän maglumatyna görä, 6-njy noýabrda Russiýa gündogar Ukrainanyň Luhansk regionyna 32 tankyny we beýleki agyr ýaraglaryny, şol sanda esgerlerini girizipdir.

7-nji noýabrda Andriý Lisenko tanklar bilen bir hatarda 16 sany gaubisa artilleriýa ulgamynyň hem-de harby serişdeleri we esgerleri alyp barýan 30 sany ýük maşynyň Ukraina girendigini aýtdy.

Şeýle-de, Lisenko soňky 24 sagadyň dowamynda bolan çaknyşyklarda bäş ukrain esgeriniň öldürilendigini we azyndan 16 sanysynyň ýaralanandygyny sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG