Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sawçenko sudda ýeňiş gazandy


Nadiýa Sawçenko rus sudunda seýrek bolýan ýeňşi gazandy.

Gündogar Ukrainada iki sany rus žurnalistiniň ölümi bilen baglylykda Orsýetde tussaglykda saklanýan ukrain piloty ruhy hassahanadan goýberileli bäri birinji gezek sud diňlenişigine getirildi.

Moskwanyň Basmannyý etrap sudunda bolan diňlenişikde derňewçiler onuň tutulyşyna şaýat bolandyklaryny aýdýan ukrainalylaryň görkezme bermeklerine garşylyklaryny bes etdiler.

Sawçenko özüniň orsýetçi separatistler tarapyndan gündogar Ukrainada, 18-nji iýunda tutulandygyny we Orsýetdäki tussaghana bikanun getirilendigini aýdýar.

Emma derňewçiler onuň Orsýetde tutulandygyny aýdýardylar.

Geçen aý ukrian parlamentinden orun gazanan Sawçenko derňewçilerden pikirlerini näme üçin üýtgedendiklerini sorady, emma anyk jogap alyp bilmedi.

XS
SM
MD
LG