Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Yraga köp serişde soraýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama respublikanlaryň we demokratlaryň ýyl ahyrlamazyndan öň «Yslam döwletiniň» jeňçilerine we ebola keseline garşy göreş üçin goýberilmeli maliýe serişdelerini tassyklamagyny sorady.

Obama 7-nji noýabrda Kongresiň iki palatasynyň agzalaryndan özüniň Yrakdaky we Siriýadaky YD jeňçilerine garşy operasiýalar üçin soraýan 5.6 milliard dollar talabyny goldamagy haýyş etdi.

Bu serişdeler Yraga goşmaça iberiljek 1500 esger üçin harçlanmaly 1.6 milliard dollary hem öz içine alýar.

Obama Yraga goşmaça ýerleşdirilmeli esgerler baradaky karara 7-nji noýabrda geldi. Bu esgerler Yrakda hökümet güýçlerine we kürt peşmergesine tälim berýän amerikan harbylarynyň sanyny 3100-e ýetirer.

Şeýle-de Obama ebola keseline garşy göreş üçin 6.1 milliard dollar soraýar.

XS
SM
MD
LG