Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistandan nädip dolanýarlar?!"


"Türkmenhowaýollarynyň" uçaryna tarap barýan ýolagçylar
"Türkmenhowaýollarynyň" uçaryna tarap barýan ýolagçylar

Daşary ýurtlarda okap, işläp ýören türkmenistanlylardan, ýurda gidip yzyna dolanyp bilmeýän tanyşyňyz barmy? Eýsem olar, ýurtdan çykarylmazlygynyň sebäbi ýa sebäpleri barada näme diýýärler?

Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşiginde şu hepde edil şu mesele hakda gürrüň edip, ýurda baransoň çykmagyna dürli bökdençlikler döredilen we soňuna Türkmenistandan çykmagy başaran käbir raýatlaryň başdan geçirmeleri hakda gürrüň etmekçi.

Bu temada hemmeleri öz tejribeleri, gören-eşidenleri, pikirdir-garaýyşlary, teklipdir-bellikleri bilen gepleşige gatnaşmaga çagyrýarys. öz pikirleriňizi aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz, eger gepleşigimize gatnaşmak isleseňiz, biziň bilen habarlaşyň, adresimiz hat@azatradio.org .

XS
SM
MD
LG