Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Göknaryň önümçiligi iň ýokary derejesine ýeter


Birleşen Milletler Guramasynyň täze raportynda Owganystanda göknar ösdürip ýetişdirmegiň şu ýyl täze iň ýokary derejesine ýetjekdigi habar berilýär.

BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça gullugynyň (UNODC) derňewlerine görä, 2014-nji ýylda Owganystanda göknar ösdürilip ýetişdirilýän territoriýanyň giňişligi 224 müň gektara çenli ýaýrapdyr. Bu geçen ýylky sanlar bilen deňeşdirilende territoriýanyň öňküsinden 7% göterim artandygyny görkezýär.

Bu sanlar henize çenli Owganystanda neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça edilen tagallalaryň başa barmandygyny görkezýär, diýip BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça gullugynyň syýasy analiz we jemgyýetçilik işleri boýunça direktory Jean-Luk Lemahýu (Jean-Luc Lemahieu) belledi.

Owganystan dünýäde bikanun ösdürip ýetişdirilýän göknaryň 80%-ni öndürýär we onuň bikanun söwdasyndan gelýän girdejiler “Talyban” söweşijilerini maliýeleşdirmäge ýardam berýär.

XS
SM
MD
LG