Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Ukraina barada duýduryş berdi


Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşi Ukrainadaky krizis bilen baglanyşykly 26-njy gezek adatdan daşary ýygnagyny geçirdi. Bu ýygnakda BMG-niň resmileri gündogar Ukrainada “giň gerimli söweşleriň” bolmagynyň mümkindigi barada duýduryş berendigine garamazdan, bu ugurda herekete geçmek dogrusynda hiç hili netijä gelmediler.

12-nji noýabrdaky Howpsuzlyk geňeşi NATO-nyň ýokary derejeli resmisi bileleşik 10-njy noýabrdan bäri rus tanklaryndan, toplaryndan, howa gorag sistemalaryndan ybarat “birnäçe kolonnanyň” pitneçileriň mesgeni bolan gündogar Ukrainanyň käbir territoriýalaryna girendigini tassyklady diýeninden birnäçe sagat soň geçirildi.

Russiýa bu aýyplamalary inkär edip, rus ýarag güýçleriniň gündogar Ukraina girendigini görkezýän hiç hili delil ýok diýdi. Ýygnakda weto goýmaga hukugy bolan Russiýa garşy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hiç hili rezolýusiýasy teklip edilmedi.

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Samanta Power (Samantha Power) Geňeşde eden çykyşynda Russiýa “parahatçylyk barada gürrüň edýär, emma gündogar Ukrainada urşy tutaşdyrmagyny dowam etdirýär” diýdi.

XS
SM
MD
LG