Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda GDA-nyň maslahaty geçirilýär


Aşgabatda Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň maslahaty geçirilýär. Bu maslahatyň dowamynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk barada 20 çemesi resminama gol goýulmagyna garaşylýar. Bu barada GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

Şol bir wagtyň özünde maslahatda Erkin söwda ylalaşygyna girizilen goşmaça meseleleriň durmuşa geçiriliş prosesine garalmagyna garaşylýar. Bu ylalaşyk eýýäm ratifinirlenip, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa we Ukraina ýaly ýurtlarda güýje girizilendir.

Şeýle-de, maslahatda hökümet baştutanlary nebit we nebit önümleri bazaryndaky bahalaryň we bäsdeşligiň ýagdaýyny ara alyp maslahat ederler.

Türkmenistan GDA guramasynyň 2005-nji ýyldan bäri assosirlenen, ýagny çäkli agzasy.

XS
SM
MD
LG