Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadro gepleşikleri üçin täze wagt kesgitlendi


Orsýetiň, Eýranyň we Germaniýanyň daşary işler ministrleri S.Lawrow (ç), M.J.Zarif, F.Steinmeier (çepden saga), Wena, 24-nji noýabr, 2014.
Orsýetiň, Eýranyň we Germaniýanyň daşary işler ministrleri S.Lawrow (ç), M.J.Zarif, F.Steinmeier (çepden saga), Wena, 24-nji noýabr, 2014.

Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty sany ýurdunyň daşary işler ministrleri Wenada maslahat geçirýärler. 24-nji noýabrda giç agşam Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmek we ykdysady halkara sanksiýalaryny gowşatmak boýunça ylalaşyga gelmek üçin kesgitlenen wagt möhleti dolýar.

Wenadaky gepleşikleriň gidişinde bu möhleti 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýene-de yzaltmak boýunça karar yglan edildi.

”Reuters” agentligi öz gepleşiklere ýakyn duran çeşmesine salgylanyp, indiki duşuşygyň indiki aýda Omanda geçirilmeginiň mümkindigini habar berdi we agzalan wagt aralygynda Eýranyň özüne garşy ykdysady sanksiýalaryň gowşadylmagyna bil baglap bilmejegini belledi.

Meseläniň ylalaşylan tarapy

Bir ýyl mundan ozal gelnen ylalaşyga laýyklykda, Eýran bilen dünýäniň iň täsirli alty döwleti ABŞ, Orsýet, Hytaý, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa Günbataryň Eýranyň ýadro ýaragyny öndürýändigi baradaky gümany bilen bagly howatyrlanmalaryny köşetmek we ozal bu ýurduň garşysyna girizilen halkara ykdysady sanksiýalary gowşatmak ugrunda gepleşik alyp barýarlar.

Ylalaşyk on ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän gapma-garşylyklary aradan aýryp, Ýakyn Gündogarda bar bolan esasy dartgynlylygy we Eýranyň üzňeligini gowşadyp bilerdi. Şeýle-de 76 million ilatly bu ýurduň 1979-njy ýylda Yslam Rewolýusiýasynyň bolan döwründen bäri Günbatar bilen gatnaşyklaryndaky duşmançylygyň soňuna çykyp bilerdi.

Gapma-garşylyk

Emma Eýranyň adaty garşydaşlary Ysraýyl we Saud Arabystany Tähranyň ýadro ambisiýalaryny çäklendirip bilmejek islendik ylalaşykdan howatyrlanýarlar, şol bir wagtda-da ABŞ-nyň ýiti garaýyşly kanunçykaryjylary eger takyk öňegidişlik gazanylmasa, Eýran babatynda täze sanksiýalaryň girizilmegini talap edýärler, Orsýet bolsa muňa çürt-kesik garşy çykyş edýär.

Eýran we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş hemişelik agzasy hem-de Germaniýa ylalaşyk üçin başda has gysga wagt möhletini kesgitläpdiler we ony 2014-nji ýylyň iýul aýyna belläpdiler, emma bu möhlet soň 24-nji noýabra çenli uzaldylypdy.

Gepleşikleriň nobatdaky soňky tapgyry 18-nji noýabrda başlanaly bäri diplomatik duşuşyklaryň ençemesi geçirildi. ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Hytaýyň daşary işler ministri Wan Ýi bilen gepleşdi.

Hytaý resmisi: “Hytaý Eýranyň ýadro meselesi boýunça köptaraplaýyn ylalaşygy görmek isleýär. Bu Eýranyň bähbidine bolup, eýran halkyna kadaly durmuşda ýaşamak üçin ýol açar”.

Eýran öz ýadro programmasynyň parahatçylykly häsiýete eýedigini we elektrik energiýasyny öndürmek üçin niýetlenýändigini aýdýar. Şol bir wagtda-da Tähran BMG-niň Atom agentliginiň gözegçileriniň talaplaryny doly berjaý edip bilmedi.

Eýran öz borçnamalaryny ýerine ýetirmändigi sebäpli, BMG-niň sanksiýalaryna sezewar boldy. Şondan soň ABŞ we Ýewropa Bileleşigi hem Eýrana garşy goşmaça sanksiýalary girizipdiler.

XS
SM
MD
LG