Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sweýsariýada Immigrasiýa boýunça referendum geçýär


30-njy noýabrda Şweýsariýada immigrasiýany çäklendirmek boýunça referendum geçirildi. Ses berişlik nokatlary diňe iki sagatdyň dowamynda işledi, emma köp adam elektron poçta arkaly ses berdi.

Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmadyk bu ýurtda immigrasiýa meselesi boýunça referendum şu ýylyň başyndan bäri ikinji gezek geçirilýär.

Fewral aýynda ses berijiler adamlaryň erkin hereket etmegi boýunça Brussel bilen ylalaşyga gaýtadan kwota girizilmegini goldadylar. Soňky referendumda immigrasiýanyň häzirki derejesiniň dörtden üç bölegini çäklendirmek teklip edilýär.

Immigrasiýa garşy pikirler ýurtda soňky döwürde güýçlendi, emma iş güýjüniň 25%-ti daşary ýurtlularyň hasabyna bolansoň, uly goldaw tapmady. Şweýsariýanyň 8,2 million adam ilaty bar.

XS
SM
MD
LG