Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowada täze parlament saýlanýar


Moldowa, saýlawlar 2014.
Moldowa, saýlawlar 2014.

30-njy noýabrda Moldowanyň raýatlary parlament saýlawlarynda ses berýärler. Bu saýlawlara ýurduň Ýewropa tarapdar partiýalarynyň we Orsýet bilen ýakyn gatnaşyklary goldaýan güýçleriniň arasyndaky bäsdeşlik hökmünde garalýar.

101 orunlyk parlamentiň täze deputatlary dört ýyllyk möhlet bilen saýlanylýarlar.

Ses berijileriň sanawynda hasaba alnan 2.8 milliondan gowrak moldowaly ses berijileriň 39% günortana çenli ses beripdir.

Hiç bir partiýa geljekki parlamentde orunlaryň köpçüligini alar diňe çaklama ýok.

Ses berijileriň islegi

Köpçüligiň pikirini öwrenmek boýunça ýakynda geçirilen barlaglar günbatarçy partiýalaryň ilat tarapyndan has goldanýandygyny görkezdi.

Moldowada saýlaw nokatlarynda adatdan daşary ýagdaýlar barada habar berilmedi, emma ýurduň Moskwadaky ilçihanasynyň öňünde ses bermek üçin baran adamlaryň uly nobatlarynyň emele gelendigi barada habar berildi.

Moldowanyň raýatlary üçin Orsýetiň giňişliginde bäş sany saýlaw nokady döredildi. Käbir maglumatlara görä, 300 müň çemesi moldowaly ýurduň daşynda işleýär we olaryň ýarpysy hem Orsýetde.

Moldowanyň Moskwadaky ilçihanasynyň daşynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan moldowalylar orsýetçi partiýalary goldamak niýetini mälim etdiler.

Barlaglaryň netijesinde bolsa ösüşiň Ýewropa ugruny nazarlaýan üç partiýanyň sesleriň 43%-ine eýe boljakdygy çak edilýär.

Syýasy partiýalar

Premýer-ministr Lurie Leançanyň ”Liberal-demokratik partiýasy” we ýurduň ”Demokratik partiýasy” häkimiýet başyndaky koalisiýanyň agzalary.

”Liberallar” koalisiýany geçen ýyl terk etdiler we oppozisiýa geçdiler.

Ýurduň Ýewropa bilen integrasiýa ýolundan barýandygyna garamazdan, soňky alty ýylyň dowamynda häkimiýet başyndaky koalisiýanyň arasynda bar bolan gapma-garşylykdan oppozisiýadaky kommunistik partiýanyň peýdalanmagy ähtimal.

Bu saýlawlarda orsýetçi kommunistik partiýanyň sesleriň 24%-ini aljagy çak edilýär. Ýurduň uly ýaşly nesli partiýanyň liderine, ýagny geçmişde döwlete uzak wagtlap baştutanlyk eden Wladimir Woronine, durnuklylygyň diregi hökmünde seredýär.

Kommunistler özleriniň Moldowanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmagyna garşy çykyş edýändigini aýdýarlar.

Ses berişligiň öňüsyrasynda orsýetçi partiýanyň saýlawlara gatnaşmagy gadagan edildi. Bu hereket Moskwa tarapyndan ýazgaryldy.

Saýlawlara üç gün galanda saýlaw häkimiýetleri, onuň daşary ýurtlardan bikanun maliýeleşdirilmekde güman edilýändigini aýdyp, orsýetçi “Patria” atly partiýanyň saýlawlara gatnaşmagyna gadagançylyk girizdiler.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi bu waka bilen baglylykda Moldowanyň saýlawlarynyň “demokratik häsiýetine çynlakaý şübhe bildirdi”.

Moldowanyň partiýalary parlamentiň düzümine girmek üçin sesleriň 6 %-ini toplamaly.

Pridnestrowýe

Ozalky saýlawlarda bolşy ýaly, Moldowanyň Orsýet tarapyndan goldanylýan Pridnestrowýe regiony ses berişlige gatnaşmady. Orsýetçi separatistleriň gözegçiligindäki Pridnestrowýede Moldowanyň 200 müň çemesi raýaty üçin ses berişlik nokatlary döredilmedi.

Ýewropanyň iň garyp ýurtlarynyň biri bolan Moldowa Ukraina hem-de ÝB-niň agzasy bolan Rumyniýa bilen serhetleşýär.

Ýurduň 78%-i etnik rumynlar, ukrainleriň we orslaryň sany ilatyň 14%-ini emele getirýär.

3.6 million ilatly Moldowa 2009-njy ýyldan bäri ýewropaçy partiýalaryň koalisiýasy tarapyndan dolandyrylýar. Hökümet Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekdi we öz raýatlarynyň Ýewropa wizasyz syýahat etmek mümkinçiligine eýe boldy.

Goňşy Ukrainadaky durnuksyzlygyň dowam edýän bir wagtynda Moldowadaky saýlawlara üns bilen syn edilýär. Ukrainada bolşy ýaly Moldowanyň hem gündogarynda orsýetçi separatistik region bar.

XS
SM
MD
LG