Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biden Eýrana garşy has köp sanksiýanyň tarapynda däl


ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden
ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden Eýranyň ýadro programmasy bilen baglylykda bu ýurda garşy has köp sanksiýalary girizmek baradaky çagyryşlardan ýüz öwürdi.

Biden Waşingtonyň Brookings institutynda geçirilen forumda eden çykyşynda Eýrana garşy eýýäm girizilen sanksiýalaryň ýurduň ykdysadyýetini, şol sanda ýadro programmasyny haýalladýandygyny belledi.

“Bu bize parahatçylykly çözgüt üçin pursat berýär”, diýip Biden aýtdy.

Eýranyň we dünýäniň iň kuwwatly alty döwletiniň Tähranyň ýadro ambisiýalary boýunça 12 aýlap dowam eden çykgynsyzlygyň soňuna çykmak boýunça geçen aýda geçiren gepleşikleri şowsuzlyga uçrady. Taraplar taryhy ylalaşyga gelmek üçin özlerine goşmaça ýedi aýlyk täze wagt möhletini kesgitlediler.

Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Orsýet we ABŞ Eýranyň urany baýlaşdyrmak işlerini çäklendirmek isleýärler. Tähran özüniň ýadro ýaragyny döretmek mümkinçiligini gözlemeýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG