Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Hindistana sapar edýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 11-nji dekabrda Hindistana etjek resmi saparynyň dowamynda Orsýetiň Hindistanyň ýadro energiýa pudagyna has giň derejede gatnaşmak, bu ýurda suwuklandyrylan tebigy gazy akdyrmak we Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmagy teklip etmek ýaly meseleleri gozgamagyna garaşylýar.

Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow Orsýetiň we Hindistanyň ýadro hyzmatdaşlyk boýunça strategiýa taýdan ähmiýetli dokumente gol çekmegi planlaşdyrýandygyny 9-njy dekabrda habar berdi.

Orsýetiň ilçisi Aleksandr Kadakin Putin bilen Hindistana sapar etjek resmi toparyň Hindistana nebit we suwuklandyrylan gaz eksportyny maslahat etmekçidigini habar berdi. Ýarag söwdasynyň hem gün tertibinde maslahat edilmegine garaşylýar. Hindistan Orsýetde öndürilýän ýaragyň iň uly hyrydary.

XS
SM
MD
LG