Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Resmileriň derňelmegi soralýar

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary derejeli wekili we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar terrorçylykda güman edilýän adamlary sorag etmäge gatnaşygy bolan amerikan resmilerini jezalandyrmaga çagyrdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary derejeli wekili we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar terrorçylykda güman edilýän adamlary sorag etmekde Senat tarapyndan “rehimsiz” diýlip yglan edilen hereketlere gatnaşygy bolan amerikan resmilerini jezalandyrmaga çagyrdylar.

9-njy dekabrda ýaýradylan raportda Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugynyň geçiren derňew usullarynda resmileri ynandyrmaga berlen maglumatlarda bellenilýän usullardan “has ýaramaz” görnüşiniň ulanylandygy aýdylýar.

Şeýle-de, raportda giňeldilen derňew usullaryny ulanmaklyk “ygtybarly maglumatlary almakda ýa-da tussagyň hyzmatdaşlyk etmegini gazanmakda netijeli gural bolmady” diýilýär.

BMG-niň adam hukuklary we terrorizme garşy göreş boýunça wekili Ben Emmerson jenaýatlary planlaşdyran we güýje girizen ýokary derejeli resmileriň jogapkärçilige çekilmelidigini, şol bir wagtyň özünde bu gynamalara ýurduň Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) we Birleşen Ştatlaryň hökümet resmileriniň jogapkärdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG