Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Google terjimeçä” gazak, täjik, özbek dilleri girizildi


Merkezi Aziýanyň üç ýurdunyň dili, ýagny gazak, täjik we özbek dilleri “Google” kompaniýasynyň onlaýn terjime ulgamyna girizildi.

12-nji dekabrda düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän kompaniýanyň Gazagystandaky edarasy kompýuterler we mobil telefonler arkaly gazak, täjik we özbek dillerinden beýleki dillere we tersine beýleki dillerden agzalýan dillere dessine terjime etmek mümkinçiliginiň döredilendigini mälim etdi.

Beýanatda berilýän maglumata görä, “Google Translate”, ýagny “Google terjimeçi” programmasyny ulanyjylar öz düzedişlerini girizmek arkaly terjimäniň hilini has-da gowulandyryp bilerler.

Häzirki wagt “Google terjimeçi” programmasynda internet ulanyjylary üçin 90-dan gowrak dilde hyzmat hödürlenýär.

XS
SM
MD
LG