Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Saýawanlar wagtlaýynça gadagan edildi


Hytaýyň Makau şäherindäki resmileri hytaý prezidenti Si Jinpingiň sebite edýän iki günlük saparynyň dowamynda saýawanlary ulanmagy gadagan etdiler. Hytaý prezidenti gürrüňi gidýän sebitiň gaýtadan Hytaýyň dolandyryjylygyna geçmeginiň 15-nji ýyl dönümi mynasybetli Makau şäherine barýar.

19-njy dekabrda Makau şäheriniň aeroportunda mekdep okuwçylary, žurnalistler we hökümet resmileri sowuk, ýagynly howada hytaý prezidentini garşy aldylar.

Žurnalistleriň berýän maglumatyna görä, aeroportuň resmileri saýawanlary açmak üçin howa şertleriniň aşa şemally bolandygy sebäpli, bu ýagdaýyň uçaryň meýdança howpsuz gonmagyna täsir ýetirip biljekdigi barada duýduryş beripdirler.

XS
SM
MD
LG