Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Liderler täze strategiýany maslahatlaşýar


Pakistanyň syýasy we harby liderleri terrorçylyga garşy göreşmegiň täze milli hereket planyny jemlemek üçin duşuşdylar.

24-nji dekabrda Yslamabatda premýer-ministr Nawaz Şarif syýasy partiýalaryň hem-de ýurduň armiýasynyň we aňtaw gullugynyň ýolbaşçylaryny maslahata çagyrdy.

Bu maslahat ýurduň Peşawar şäherindäki mekdepde edilen gyrgynçylykda 136 mekdep okuwçysynyň öldürilmeginden bir hepde soň geçirilýär.

Duşuşygyň başynda Şarif gatnaşyjylara ýüzlenip, “berk kararlary kabul etmegiň wagty geldi” diýdi.

XS
SM
MD
LG