Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Pakistany ýazgardy


Ýewropa Bileleşigi Yslamabadyň ölüm jezasynyň moratoriýsini, ýagny ýerine ýetirilmesizligini aýyrmak baradaky kararyny ýazgaryp, onuň derhal gaýtadan dikeldilmegini talap etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň 24-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda: “Biz terrorçylyga garşy göreşde ölüm jezasynyň täsirli guraldygyna ynanmaýarys” diýilýär.

Geçen hepde Pakistan terrorizm bilen ilteşikli jenaýatlara girizilen ölüm jezasynyň moratoriýsini, ýagny ýerine ýetirilmesizliginiň aýrylandygyny yglan edensoň, ýurtda alty tussag asylyp öldürildi.

Pakistan bu baradaky karary “Talyban” hereketi ýurduň Peşawar şäherindäki mekdebe eden hüjüminden bir gün soň mälim edipdi. Şol hüjümde jemi 148 adam, şol sanda 136 çaga heläk bolupdy.

Pakistanyň resmileri ýyl kesilen jemi 500 tussagy öňümizdäki hepdelerde jezalandyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG