Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara ýarag söwdasynyň ylalaşygy güýje girdi


Halkara ýarag söwdasyny düzgünleşdirýän möhüm ylalaşyk 24-nji dekabrdan başlap güýje girdi.

Bu şertnama ýarag söwdasyny halkara derejesinde düzgünleşdirýän ilkinji resminamadyr. Bu şertnama jemi 130 döwlet gol goýup, olaryň 60 sanysy ony ykrar etdi. Şol ýurtlaryň arasynda dünýäniň üç sany iri ýarag eksportýorlary - Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa bar.

Birleşen Ştatlar we Ysraýyl gürrüňi gidýän şertnama gol goýdular, emma ony ykrar etmediler. Russiýa, Hytaý, Hindistan we Pakistan ýaly dünýäniň iri ýarag öndüriji beýleki ýurtlary şertnama gol goýmadylar.

Şol bir wagtyň özünde bu şertnama kiçi sapançalardan başlap, tanklar we hüjüm ediji dikuçarlar ýaly adaty ýaraglaryň serhetara geçirilişini hem düzgünleşdirýär.

XS
SM
MD
LG