Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain gepleşikleri netijesiz tamamlandy


Ukrain hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasynda ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gol goýlany bäri, 1000-den gowrak adamyň öldürilendigini habar berýär.
Ukrain hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasynda ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gol goýlany bäri, 1000-den gowrak adamyň öldürilendigini habar berýär.

Ukrain hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasynda ok atyşygy durnukly bes etmäge gönükdirilen gepleşikler bäş sagatdan gowrak wagt dowam edensoň tamamlandy.

Gepleşikleriň netijesinde bu ugurda öňe gidişlikleriň bolandygy barada hiç hili alamat göze ilmeýär we gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň haçan geçiriljekdigi barada maglumat berilmeýär.

Minskde geçirilen gepleşiklere Ukrainanyň, Russiýanyň, orsparaz separatistleriň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Aprel aýyndan bäri gündogar Ukrainada bolan çaknyşyklarda 4 700-den gowrak adam heläk boldy.

Birleşen Milletler Guramasy ukrain hökümet güýçleri bilen orsparaz separatistleriň arasynda ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda ylalaşyga gol goýlany bäri, sebitde 1 300-den gowrak adamyň öldürilendigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG