Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Palestinaly raýat ysraýylly iki polisiýa işgärini pyçaklady


Ierusalimiň gündogarynda polisiýa ysraýylly iki polisiýa ofiserini pyçaklan palestinalyny gözleýär.

Polisiýanyň metbugat sözçüsiniň berýän maglumatyna görä, ysraýylly polisiýa işgärleri Ierusalimiň köne şäher sebitinde öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän mahaly, bir palestinaly olaryň birini boýnundan, beýlekisini elinden pyçaklapdyr.

Şondan soň, hüjümçiniň wakanyň bolan ýerini terk edendigi, ýeňil ýaralanan polisiýa ofiserleriniň ýerli keselhana ýerleşdirilendigi habar berilýär.

Soňky aýlarda Ierusalimiň gündogarynda ysraýylly polisiýa işgärleri bilen palestinalylaryň arasynda çaknyşyklar artýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG