Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakuwda habarçylar sorag edilýär


Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdaky işgärleri özlerine döwlet prokurorlary tarapyndan azar berilýändigini aýdýarlar.

Azerbaýjan gullugynyň direktory Kenan Alyýew Azatlyk radiosynyň onlarça habarçysynyň, öz işleri bilen bagly sorag edilmek üçin, prokuratura çagyrylandygyny aýdýar.

Habarçylaryň köpüsi, aklawçy bolmasa, özleriniň hiç soraga jogap bermejegini aýtdy. Döwlet inspektorlary 26-njy dekabrda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Bakuwdaky ofisine reýd geçirip, onuň gapysyny möhürledi.

Olar radionyň býurosynyň daşary ýurtdan maliýeleşdirilýän guramalar we azeri kanunlary meselesindäki derňewiň çäginde barlanýadygyny aýtdylar.

Azerbaýjanda häzir 15 töweregi žurnalist we blogçy, şol sanda Azatlyk radiosynyň derňewçi žurnalisti Hatyja Ysmaýylowa hem gözenegiň arkasynda saklanýar.

Sud resmileri 26-njy dekabrda onuň iki aýlyk wagtlaýyn tussaglygynyň öý tussaglygyna geçirilmegi baradaky haýyşyny ret etdiler.

XS
SM
MD
LG