Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina tygşytly býujeti kabul etdi


Ukrainanyň kanun çykaryjy organy 29-njy dekabrda Kiýewde geçirilen maslahatda 2015-nji ýyl üçin tygşytly býujeti kabul etdi.

Premýer-ministr Arseniý Ýatsenýugyň “kämillikden daşda” diýip atlandyran kanun taslamasy Halkara walýuta fondunyň basyşy astynda kabul edildi. Ol 17 milliard amerikan dollarlyk karzyň indiki böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Ýatsenýuk kanun çykaryjylara halkara guramalary bilen geçiriljek indiki gepleşikleriň yzýany, kanun taslamasyna gaýtadan garamagyň möhümdigini belledi.

Kabul edilen býujet 4 milliard amerikan dollaryna barabar bolan defisiti hem öz içine alýar. Onda harby pudaga ediljek çykdajylar 8%-e golaý artdyrylyp, ol 5,7 milliard amerikan dollaryndan gowrakdyr.

Şeýle-de, býujetde sosial çykdajylar üçin aýryljak serişdäniň 1 milliard amerikan dollaryna çenli kemeldiljekdigi bellenilýär. Şeýle-de öňümizdäki iki ýylyň dowamynda çetki sebitlerde ýerleşýän 400 çemesi mekdebiň ýapyljakdygy we takmynan 100 müň mugallymyň wezipeden boşadyljakdygy nygtalýar.

XS
SM
MD
LG