Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýa: Jesetler deňizden çykarylyp başlandy


Indoneziýanyň deňiz güýçleri ýitirim bolan “AirAsia” uçaryny gözlemek çäreleriniň dowamynda onlarça jesediň tapylandygyny habar berýärler.

Indoneziýanyň deňiz güýçleriniň metbugat sözçüsiniň berýän maglumatynda gözleg işleri geçirilýän territoriýada 40 çemesi jesediň tapylandygy we olaryň “Bung Tomo” atly gämä ýüklenenedigi bellenilýär. Şeýle-de, sözçi jesetleriň sanynyň barha artýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Bu baradaky maglumatlar, Indoneziýanyň resmileri Ýawa deňzinde «Airbus A320-200» kysymly uçar ýaly bolup görünýän käbir galyndylaryň göze ilendigini mälim edensoň, peýda boldy. Bu uçar 28-nji dekabr güni irden, Indoneziýadan Singapura tarap uçanyndan bir sagat soň Jakartanyň howa ýol gözegçiligi bilen aragatnaşygyny ýitiripdir.

Indoneziýanyň telewideniýesi suwuň ýüzünde gaýyp ýören jesetleri görkezen mahaly, “QZ8501” belgili gatnawy ýerine ýetirýän “AirAsia” uçaryndaky ýolagçylaryň dogan-garyndaşlarynyň käbirleri aglap, huşuny ýitirip başladylar.

XS
SM
MD
LG