Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam öldüren ofiser azat edildi


Özbek mediasynyň habar bermegine görä, maşyny bilen iki adamy kakdyryp öldüren we 7 ýyl azatlykdan mahrum edilen polisiýa ofiseri, alty aý türmede oturandan soň, azatlyga goýberildi.

22 ýaşyndaky Bagtyýar Tolipow aprel aýynda üç pyýadany kakdyryp, 33 ýaşly erkegi we 4 ýaşly gyzy öldürende, bir aýaly ýaralanda polisiýanyň maşynyny sürýärdi.

Pidalaryň ählisi bir maşgalanyň agzalarydy. Habarlaryň käbirinde aýdylmagyna görä, şaýatlar sürijiniň içgili halda bolup, hadysa bolan wagty başga bir polisiýa maşynyndan ozup geçendigini görüpdirler.

XS
SM
MD
LG