Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kongresmen Bakuwyň basyşlaryna alada bildirýär


Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň öňbaşçy demokraty Azerbaýjanyň 26-njy dekabrda AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosyna reýd geçirmeginden we soňra işgärleri mejbury soraga çekmeginden «çuňňur alada galandygyny» aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýorkdan saýlanan wekili Eliot Engel 30-njy dekabrdaky beýanatynda «Bakuwdaky ýolbaşçylary AÝ/AR-nyň öz işini gaýtadan ýola goýmagyna rugsat bermäge we AÝ/AR-nyň işgärlerini ýanamagy bes etmäge» çagyrdy.

Döwlet prokuraturasynyň derňewçileri 26-njy dekabrda Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Bakuwdaky býurosyna reýd geçirip, onuň dokumentlerini, kompýuterlerini we beýleki enjamlaryny konfiskasiýa etdiler.

Býuronyň 12 işgäri sorag etmek üçin tussag edildi we, derňewiň detallaryny açmazlyk barada dilhaty berenlerinden soň, azatlyga goýberildi.

Şondan bäri prokurorlar Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan bölüminiň häzirki we ozalky işgärlerini soraga çagyrmaklaryny dowam etdirýärler.

Ýerli we halkara aktiwistler, guramalar Bakuwyň soňky aýlarda hökümetden aýry guramalary we garaşsyz mediany basyp ýatyrmagyny tankyt etdiler.

XS
SM
MD
LG