Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

USAID garaşsyz media $3,8 million ýatyrar


“Internews” agentliginiň türgenleşik programmasy, Almaty.
“Internews” agentliginiň türgenleşik programmasy, Almaty.

“Internews” guramasy tarapyndan ABŞ-nyň USAID agentliginiň Merkezi Aziýada “Informasiýa elýeterligini goldamak boýunça” täze proýekti amala durmuşa geçirilip başlandy.

Üç ýyla niýetlenen we bahasy 3.8 million dollarlyk bu proýekt jemgyýetçilik taýdan möhüm we döwlet dolandyryş sistemasynyň kämilleşdirilmegi üçin ähmiýetli maglumatlaryň raýatlar üçin elýeterligini giňeltmek maksadyny öz öňünde tutýar.

Proýekt Gyrgyzystanyň Media syýasaty instituty we “Kloop media” atly fond tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Merkezi Aziýadaky ýerli telegepleşikleriň hil taýdan derejesi pes bolansoň, ol telegepleşikler Orsýetiň habar serişdeleriniň berýän täzelikleri we tomaşalary bilen bäsdeş bolup bilmeýär diýip, proýektiň beýannamasynda aýdylýar we regionda kanunlardaky şertleriň hem habar serişdeleri üçin amatly däldigi we munuň köplenç ýerli žurnalistleriň işini çäklendirýändigi aýdylýar.

Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan

Gazagystanda ýerli ilatyň arasynda häzir hem telewideniýe esasy we täsirli habar çeşmesi bolup galýar. Ýerli habar serişdeleriniň kommersial esasda has üstünlikli işlemek ugrunda edýän synanyşyklary kanunyň medianyň işini regulirleýän oňaýsyz maddalary tarapyndan çäklendirilýär. Galyberse-de, Gazagystanyň döwlete degişli bolmadyk habar serişdeleriniň döwlete degişli habar serişdeleri we orsýet mediasy bilen bäsdeşlikde iş alyp barmagyna professionalizm taýdan kemçilikleri we bütin ýurt derejesinde çäkli ýaýbaňlanmagy aýakbagy bolýar.

Gyrgyzystanda 15 ýylyň dowamynda media serişdelerine üstünlikli goldaw berilýän hem bolsa, media serişdeleriniň işini başlangyç derejesinden galdyrmak we olaryň yzygiderli maliýe kömegine garaşlylygyny azaltmak zerurlygy saklanyp galýar.

Täjigistanda multimedia gepleşiklerini ösdürmek üçin USAID hususy telekompaniýalaryň we habar serişdeleriniň işgärleri üçin tehniki taýdan kömegi we türgenleşikleri artdyrmak wajyp diýip hasap edýär.

Esasy maksatlar

“Internews” agentliginiň regional müdiri Mark Uolş “Informasiýa elýeterligini goldamak boýunça proýektiň” birnäçe maksatlary öz öňünde goýýandygyny habar berdi:

1. Garaşsyz habar serişdeleriniň regional hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, olaryň maglumat alyş-çalşy arkaly bäsdeşlige ukybyny güýçlendirmek. (Bu maksada laýyklykda üç ýurduň žurnalistleri we redaktorlary üçin türgenleşikler we bilim syýahatlary geçiriler, telegepleşikleri taýýarlamak we olaryň telekompaniýalaryň arasyndaky alyş-çalşy üçin maliýe kömegi berler).

2. Merkezi Aziýada hökümete degişli bolmadyk habar serişdeleriniň sifrleýin ýa-da digital gepleşiklere geçişine ýardam bermek. (Gazagystanda sifrleýin gepleşiklere hususy telekompaniýalaryň 80%-niň geçmegine, Gyrgyzystanda 65%-niň geçmegine we Täjigistanda 50%-niň geçmegine garaşylýar. Garaşsyz telekompaniýalaryň auditoriýasynyň 2017-nji ýyla çenli 40% ösjekdigi çak edilýär).

3. Adaty we sifrleýin media serişdeleriniň žurnalistleriniň professional ukybyny artdyrmak. (Original mazmunly maglumatlaryň taýýarlanmagyny 20% artdyrmak we reklamadan gelýän girdejileriň derejesini 10% artdyrmak, şeýle-de Gyrgyzystanda etnik azlyklaryň dillerinde teleradiogepleşikleri 30% artdyrmak göz öňünde tutulýar).

4. Media ugrunda kanunlary kämilleşdirmek. (Hususan-da, töhmet üçin jogapkärçilik boýunça maddanyň jenaýat jogapkärçiligini aradan aýyrmak, şeýle-de Gazagystanda informasiýa elýeterligi baradaky kanuna goldaw bermek; žurnalistler we garaşsyz habar serişdeleri üçin kanun taýdan kömegiň elýeterligini 50% ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar).

Proýektiň býujetindäki puluň 35%-i Gyrgyzystana, 30%-i Gazagystana we 20%-i Täjigistana berler we galan 15%-i regional çärelere sarp ediler.

“Internews Network” agentligi 1982-nji ýylda döredilip, baş edarasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Arkata şäherinde ýerleşýär. Agentligiň Gyrgyzystandaky edarasynyň esasy missiýasy erkin, ýokary hilli we obýektiw žurnalistikany ösdürmek we onuň ýerli ilaty ýurtda hem ýurduň çäklerinden daşarda bolup geçýän wakalar bilen öz wagtynda we bitarap habarly etmegini gazanmakdan ybarat.

XS
SM
MD
LG