Hindistanyň hökümeti Pakistanyň partlaýjy ýüklenen we Hindistana gelýän balykçy gämisi partlap, üstündäki dört adamy öldürdi diýýär.
Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň 2-nji ýanwardaky beýanatyna görä, bu partlama 1-nji ýanwarda, Hindistanyň kenarýaka serhetçileri gämini saklap, ýüküni barlamakçy bolanlarynda bolupdyr.
Hindistanyň bu aýdýanlaryny garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklamak mümkin bolmady.
Pakistanyň Daşary işler ministrligi bu hadysanyň bolup-bolmandygy hem aýdyň däl diýdi.