Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Ukrain missiýasyny güýçlendirýär


Taraplar 26-njy dekabrda Ukrainanyň 149 harby gullukçysy bilen separatist töwereklerinden tutulan 222 tussagy çalyşdylar.
Taraplar 26-njy dekabrda Ukrainanyň 149 harby gullukçysy bilen separatist töwereklerinden tutulan 222 tussagy çalyşdylar.

Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy şu aýyň aýagynda Ukrainadaky gözegçilik missiýasynyň agzalarynyň sanyny iki esse ulaltmagy planlaşdyrýar.

ÝHHG-nyň sözçüsi Maýkl Bosiourkiw bu beýanaty 4-nji ýanwarda, DPA habar gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Gözegçilik missiýasy 250 gözegçiden 500-e ýetiriler, sebäbi gündogar Ukrainadaky howpsuzlyk ýagdaýy ýokarlandy diýip, Bosiourkiw aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ol ýerde gowuşgynsyz ýaraşyk şertnamasyny günde diýen ýaly bozýanlaryň tapylmagy dowam eder diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Şeýle-de ol Minsk şäherinde sentýabr aýynda taraplaryň ählisiniň ol ýerdäki agyr ýaraglary çykarmak barada gelen ylalaşygynyň berjaý edilmändigini aýtdy.

Iki tarap hem, ýagny ukrain harby resmileri-de, gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistleriň sözçileri-de 4-nji ýanwarda bir-birlerini ylalaşygyň düzgünlerini bozmakda aýypladylar. Separatistler öz pozisiýalarynyň ukrain goşunlary tarapyndan, tanklary we agyr toplary ulanmak bilen, 16 gezek top okuna tutulandygyny aýtdylar.

Ukrain goşunlary bolsa öz esgerleriniň öten agşam 10 gezek top okuna tutulandygyny aýtdy. Ukrain esgerleriniň üçüsiniň wepat bolandygy aýdylýar.

Przident Petro Poroşenko 4-nji ýanwarda öz hökümetiniň gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistler tarapyndan ýesir alnan harby gullukçylary azat etmek boýunça edilýän tagallalary güýçlendirmegini buýurdy.

"Biz olaryň haýal etmän boşadylmagyny üpjün etmek üçin ähli başaran zadymyzy etmeli» diýip, Poroşenko aýtdy.

Milli Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy Oleksandr Turçinow Kiýewde bolan ýygnakda çykyş edip, bu işiň diňe hökümet güýçleri bilen separatistleriň söweşýän zolagynyň töweregindäki harby gözegçilik liniýasyndan, bellenen ýedi geçiş nokadyndan aňryk geçmek arkaly amala aşyrylyp bilinjegini aýtdy.

Öz-özüni jar Eden Donetsk halk respublikasynyň separatist «adam hukuklary komissary» Darýa Morozowa 4-nji ýanwarda separatistleriň ukrain häkimiýetleri bilen ýesirleri alyş-çalyş etmegi gurnamak boýunça gepleşik geçirýändigini aýtdy.

Ol öz geçirilýär diýen gepleşikleriniň nirededigini we beýleki jikme-jikliklerini aýtmady.

Morozowa separatistler 30 çemesi ukrain harby gullukçysyny tutup saklaýar diýdi we, hasaplamalara görä, ukrain güýçleriniň DHR-den 220 çemesi adamy tutup saklaýandygyny aýtdy.

Taraplar 26-njy dekabrda Ukrainanyň 149 harby gullukçysy bilen separatist töwereklerinden tutulan 222 tussagy çalyşdylar.

Donetskdäki separatist liderleri 4-nji ýanwrada Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli wagtlaýyn ýatyrylan komendant sagadyny gaýtadan ýola goýdular.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG