Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: AÝ/AR-nyň e-meýlleri döwüldi


AÝ/AR-nyň Bakudaky býurosy, 26-njy dekabr, 2014.

AÝ/AR-nyň Baku býurosynyň işgärleri ýakynda edara Azerbaýjanyň resmileri tarapyndan reýd geçirilip, kompýuterleri äkidileli bäri öz elektron adresleriniň döwlüp, keseden girlendigini aýdýarlar.

Bu, AÝ/AR-nyň Azerbaýjan gullugyna garşy hökümet tarapyndan edilýän basyşlar bilen bagly soňky waka.

26-njy dekabrda prokuraturanyň derňewçileri AÝ/AR-nyň Bakudaky býurosyna reýd geçirip, kompýuterleri we beýleki gurallary ele salyp, edarany möhürläpdi.

Şondan bäri AÝ/AR-nyň häzirki we öňki işgärlerinden 20-den gowragy ýa saklandy, ýa-da prokurorlar tarapyndan soraga çekildi.

Hökümetiň Azatlyk Radiosyna görkezýän gysyşy ýurtda garaşsyz žurnalistlere, aktiwistlere we häkimiýetleri tankyt edýän hökümete degişli bolmadyk guramalara basyşyň çäginde amala aşyrylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG