Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muhammet pygamber hakda täze film çykýar


Saud Arabystany, Ali ibn Abi Talib bilen Amr Ben Waddyň arasynda, Medinäniň golaýynda bolan söweş, 627 ý.
Saud Arabystany, Ali ibn Abi Talib bilen Amr Ben Waddyň arasynda, Medinäniň golaýynda bolan söweş, 627 ý.

Eýranly tanymal režissýor Majid Majidiniň Muhammet pygamber hakda döreden täze kinofilmi 2015-nji ýylda tomaşaçylara hödürlener.

Pars, arap we iňlis dillerinde görkeziljek bu kinofilmiň bütin dünýä tanadylyş dabarasyny öten ýylyň ahyrynda geçirmeklik göz öňünde tutulanam bolsa, bu dabara häzire çenli yza süýşürilipdi.

Şu wagt kinofilmiň montaž, ýagny timarlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Kinofilm pygamberiň durmuşyny çagalygyndan başlap, yslam dinini esaslandyrýan döwrüne çenli suratlandyrýar.

Kinofilmiň senarisi 2007-nji ýylda ýazylmaga başlanypdyr we soňra bu filmiň esasy bölegi Eýranda, käbir bölümleri hem Günorta Afrikanyň Limpopo welaýatynda surata düşürilipdir.

Eýran hökümeti bu kinofilme ummasyz köp serişde çykarypdyr.

Eýranyň medeniýet ministri Hossein Nooshabadiniň aýtmagyna görä, bu kinofilm "Eýran kinematografiýasynyň ösüşiniň ýeten iň ýokary derejesini görkezýär".

Onuň aýtmagyna görä, pygamber hakda düşürilen owalky kinofilmlerde çynlakaý hatalar, ýetmezçilikler hem gümürtik ýerler bar ekeni. Onuň pikiriçe, şeýle ähmiýetli temadaky kinofilm surata düşürilende, hiç hili çig-çarsylyga ýol bermeli däldir.

Hollywoodyň bezeg boýunça hünärmeni Scott E. Anderson hem bu kinonyň taýýarlanmagyna gatnaşýar. Üç gezek “Oskar” baýragyna mynasyp bolan italýan film surata düşüriji operatory Vittorio Storaro hem bu işe gatnaşypdyr.

Storaro, bilnişi ýaly, owal "Apokalipsis pursaty", "Ahyrky imperator" ýaly kinofilmleri döredenleriň arasynda hem işläpdi.

Kinofilmiň taryhy wakalara doly kybapdaşlygyny gazanmak üçin bolsa kinofilmiň esasynyň üstünde Eýran, Tunis, Yrak we Alžirden bolan taryhçylar hem ruhanylar bilen bilelikde işlenipdir.

Majidiniň düşüren "Sema nesilleri" kinofilmi 1999-njy ýylda “Oskar” baýragyna hödür edilipdi.

XS
SM
MD
LG