Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Görogly etraby sylaglandy


Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby 2014-nji ýylda gazanylan üstünlikler boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi.

Türkmen telewideniýesi prezident G.Berdimuhamedowyň bu baradaky karara gol çekendigini habar berýär.

Resmi maglumata görä, Görogly etraby 2014-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda geçirilen durmuş-ykdysady we medeni görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolupdyr.

Netijede, Görogly etrabynyň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG