Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana: Aliýewiň kakasy aradan çykdy


Gazagystanyň metbugat serişdeleri prezident Nursultan Nazarbaýewiň öňki giýewisi Rahat Aliýewiň kakasynyň 81 ýaşynda aradan çykandygyny habar berýärler. Rahat Aliýew häzirki wagt Awstraliýada ýaşaýar.

12-nji ýanwarda berlen maglumatda Muhtar Aliýewiň haçan we näme sebäpden aradan çykandygy barada maglumat berilmeýär.

Nazarbaýewiň iň uly gyzy Dariganyň öňki adamysy Rahat Aliýew iýun aýyndan bäri Awstraliýada tussag astynda saklanylýar.

Rahat Aliýew Gazagystanda 2007-nji ýylda iki bankiri alyp gaçmakda we öldürmekde, şeýle-de beýleki aýyplamalarda şübhelenilip gözlenilýär.

Awstraliýanyň resmileri Aliýewiň Gazagystanda adalatly sud edilmejeginden alada edip, onuň Astana ekstradisiýa edilmegini iki sapar ret etdi.

XS
SM
MD
LG