Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Parižde gepleşikleri geçirjek diýýär


Pariždäki hüjümlerde wepat bolan 17 adamyň maşgala agzalary we dogan-garyndaşlary 11-nji ýanwarda geçirilen jebislik ýörişine gatnaşýarlar.
Pariždäki hüjümlerde wepat bolan 17 adamyň maşgala agzalary we dogan-garyndaşlary 11-nji ýanwarda geçirilen jebislik ýörişine gatnaşýarlar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) yslamçy söweşijileriň Parižde amala aşyran hüjümlerinden soň, Fransiýanyň resmileri bilen ekstremist ýowuzlyklara garşy göreşmegi maslahat etmek üçin öňümizdäki hepde Pariže sapar etjekdigini aýtdy.

12-nji ýanwarda Hindistanda eden çykyşynda Kerri 15-16-njy ýanwarda Pariže barjakdygyny mälim etdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň hökümeti 11-nji ýanwarda Parižde geçirilen jebislik ýörişine ýokary derejeli resmisini ugratmazlykda tankyt edilýär. Şol ýörişe 1 milliondan gowrak adam, şol sanda dünýäniň 40 lideri gatnaşdy.

Kerri Parižde Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius bilen duşuşar.

XS
SM
MD
LG