Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý 32 adamy derňeýär


Hytaýyň resmileri musulman haj zyýaratçylarynyň Mekgä sapar etmegi bilen ilteşikli para almakda güman edilýän 32 adamy derňeýärler. Bu derňewler ýurduň Sinjiang regionynyň günbatar bölegindegeçirilýär.

Sinjiang sebitinde aglaba uýgur musulmanlary ýaşaýarlar.

Soňky iki ýylyň dowamynda uýgurlar bilen hytaýlylaryň arasynda bolan ýowuzlyklarda ýüzlerçe adam öldi. Bu ýowuzlyklar bilen ilteşikli Hytaýyň hökümeti musulman separatistleri aýyplaýar.

Hytaýyň uýgur musulmanlary adatça diňe hökümetiň guramalaşdyran haj zyýaratlary esasynda Mekgä sapar edip bilýärler.

Hytaýyň “China Daily” atly gündelik neşiriniň 15-nji ýanwarda çap eden maglumatyna görä, 2014-nji ýylda Mekgä sapar etmegi üçin 14 müň haj zyýaratçysy kesgitlenipdir. Emma muňa garamazdan, olaryň käbirleriniň Mekgä “rugsatsyz” sapar edendigi bellenilýär.

XS
SM
MD
LG