Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pariž: Ýaragly adam iki adamy zamun aldy


Fransiýanyň polisiýasy iki adamy zamun alan ýaragly adamyň Parižiň etegindäki poçta edarasynda gizlenýändigini habar berýär.

Fransuz polisiýasy Parižiň demirgazyk-günbataryndaky Kolombes şäherinde ýerleşýän territoriýanyň daşyny gurşap aldy we wakanyň bolýan sebitinde dikuçarlar uçup başlady.

“RTL” radiosynyň berýän maglumatyna görä, gürrüňi gidýän adam özüniň kalaşnikow kysymly tüpeň, sapança we granatlar bilen ýaraglanandygyny we üç adamy zamun alandygyny öňe sürüpdir.

Şeýle-de, maglumatda polisiýanyň gürrüňi gidýän adam bilen gepleşikleri geçirýändigi aýdylýar.

Fransuz polisiýasy bu wakanyň, geçen hepde Parižde yslamçy söweşijileriň amala aşyrylan hüjümleri bilen ilteşiginiň bolup-bolmandygy barada maglumatyň ýokdugyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG