Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa terrora garşy reýd geçirýär


Gresiýanyň terrora garşy polisiýasy Afinada dört adamy tussag etdi. Belgiýanyň häkimiýetleri bolsa, şäher polisiýalaryny güýçlendirmek üçin, soňky otuz ýylda birinji gezek desantçylary ulandy.

Bu çäreler Ýewropanyň mümkin bolan terror howpuna garşy durmagy üçin görülýär. Grek häkimiýetleri 17-nji ýanwarda Afinada geçirilen reýdler netijesinde dört adamyň tutulandygyny aýtdy.

Ol dört adamyň biriniň Belgiýadaky terrorçylar öýjügine ilteşikli bolmagynyň ahmaldygy baradaky habarlar nädogry bolup çykdy.

Belgiýanyň häkimiýetleri Afinada geçirilen reýd mahalynda tutulanlaryň biriniň 27 ýaşly brýuselli Abdelhamid Abaaoud bolup çykmagyna umyt edipdiler.

Belgiýanyň howpsuzlyk güýçleri asly morokkaly Abaaoud Beligiýadaky terror öýjüginiň lideri bolmaly diýýär.

Belgiýanyň prokuratura edarasynyň sözçüsi Erik Wan der Sipt belgiýaly resmileriň Gresiýada tutulan adamlaryň “belgiýa işine» dahylynyň ýokdugyny anyklady diýdi.

XS
SM
MD
LG